Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi

19:0813.07.2022
0
5320

Iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň başlyklyk etmeklerinde wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi.

12-nji iýulda bolan duşuşykda taraplar 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen kiçi komitetiň ýedinji mejlisinden bäri alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler, şeýle-de wekiliýetleriň agzalarynyň — iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we özara hereketleriň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň Türkmen tarapyndan başlygy W.Hajiýew öz çykyşynda Türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy bilelikde göreş alyp barmagy BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň ýerine ýetirilmegine uly goşant diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy. Türkmenistan bu ýurtda parahatçylygy gurmak meseleleri syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleri bilen ulgamlaýyn seredilmelidir diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy hytaý tarapyna Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi kadalaşdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

«Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy» durmuşa geçirmek maksady bilen türkmen tarapy 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda degişli edaralaryň gatnaşmaklarynda maslahatlaşma geçirmegi taklip etdi.

Mejlisiň ahyrynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň sekizinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň