Top.Mail.Ru

Raşid Meredow BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşdy

18:2413.07.2022
0
5503

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirat gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Şeýle-de ministrler döwletleriň halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Raşid Meredow we Suhaýl Al Mazrui energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan amatly mümkinçilikleri belläp geçdiler. Şeýle hem, gaýtadan dikeldýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşy we energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi barada maslahatlaşyldy.

Ministrler «ýaşyl ykdysadyýetiň» ähmiýetini bellemek bilen, bu ulgamda bilermenleriň bilimleri we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energiýany ulanmak boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamly esasa geçmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geljekki ösüşlere itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň