«Türkmenistan Sport» Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlyma berer

14:4613.07.2022
0
3643

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer.

Belgiýanyň çempiony «Brýugge» bilen ýurduň Kubogynyň eýesi «Gentiň» arasyndaky Superkubok oýny, 17-nji iýulda Brýugge şäherindäki «Ýan Breýdel» satdionynda bolup geçer. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanýar.

Ýeri gelende, şu ýyl Belgiýanyň Superkubogy üçin oýnuň 42-nji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Bu titul üçin her ýyl ýurduň çempiony we Kubogyň eýesi özara güýç synanyşýar. Çempionlygyň we Kubogyň ikisiniň hem bir topara nesip eden ýagdaýynda, Superkubok üçin Kubogyň finalynda ýeňlen topar göreş alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň