Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen referisi CAFA-2022-niň duşuşygyna eminlik etdi

14:3513.07.2022
0
4706
Türkmen referisi CAFA-2022-niň duşuşygyna eminlik etdi
Surat: CAFA

Türkmenistanly eminler duşenbe güni bolup geçen Täjigistanyň we Özbegistanyň zenanlary ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga eminlik etdiler. Bu oýun Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň ikinji tapgyrynyň çäginde geçirildi.

Duşenbe şäheriniň Merkezi stadionynda geçirilen oýunda FIFA-nyň emini Resul Mämmedow baş eminlik etdi. Oňa aşgabatly kärdeşi Akmyrat Gurbanow ýardam etdi.

Duşuşykda Özbegistanyň ýygyndysy ýer eýesi Täjigistany uly tapawut bilen — 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Özbegistanyň ýygyndysynyň düzüminde Nilufar Kudratowa het-trik (11-nji, 34-nji we 41-nji minutlar) eden bolsa, Ilwina Ablýakimowa öz adyna iki gol (9-njy, 25-nji minutlar) ýazdyrdy. Ýene bir gol 65-nji minutda Zarina Mämmetkerimowa tarapyndan derwezä salyndy.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionaty aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat ýaryşda iň köp utuk toplan topar çempion bolar. Ýaryşda Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary çempionlyk üçin göreşýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň