Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

12:1513.07.2022
0
4262

Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň 5-nji halkara açyk küşt ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web sahypasy habar berýär.

Türkiýäniň Küşt federasiýasy we Başkent uniwersiteti tarapyndan bilelikde guralan ýaryşda 6 ugur boýunça 7 ýurtdan we Türkiýäniň 44 welaýatyndan 600 töweregi türgen özara güýç synanyşdy.

Iň güýçli küştçüleri özünde jemlän «A» kategoriýada ynamly oýunlary arkaly birinji orna — mümkin bolan 9 utukdan 8 bal toplan azerbaýjanly grossmeýster Wugar Rasulow mynasyp boldy (FIDE reýtinginde 2458 utuk). Ikinji ýer bolsa 6.5 utuk toplan ildeşimiz Meýlis Annaberdiýewe (häzirki FIDE reýtinginde 2484 utuk) nesip etdi. Izmirden gelen ýaş küştçi, FIDE-niň sport ussady Umut Gündüz utuklarynyň sanynyň deňdigine garamazdan, goşmaça görkezijilerde Meýlisden yzda galyp, üçünji basgançakdan ýer aldy. Şeýle-de 9 oýunda 6 utuk gazanan ýene bir türkmen küştçüsi, halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew (reýting 2447) ýaryşy dördünji orun bilen tamamlady.

Mundan başga-da 5 oçko toplan türkmenistanly küştçi Hanjar Ödäýew (2287 reýting) 50 ýaşdan uly küştçüleriň arasynda iň gowy netije üçin baýraga mynasyp görüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň