CAFA-2022: Türkmenistan ikinji duşuşygynda hem deň oýnady

22:2811.07.2022
0
9421

Biraz ozal Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndysy CAFA-2022 çempionatyndaky ikinji duşuşygyny geçirdi. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherindäki Merkezi stadionda geçirilen oýunda Kamil Mingazowyň şägirtleri Gyrgyzystanyň ýygyndysyna garşy meýdança çykdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý geçen gapma-garşylykda gol urmak hiç bir topara başartmady we oýun 0-0 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Şeýlelikde, ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatyndaky ikinji oýunlarynda hem deň oýnap, utuklarynyň sanyny 2-ä ýetirdiler. Bu günki garşydaş topar Gyrgyzystanyň hasabynda bolsa iki oýundan soňra 1 utuk bar.

Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndysy ýaryşdaky indiki duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 14-nji iýulda sagat 19:00-da başlanar.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, CAFA-2022 çempionatynda bäş topar, ýagny – Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndy toparlary sebitiň iň güýçlülerini anyklamak üçin özara güýç synanyşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň