Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Fumio Kisida we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda bu gynançly waka zerarly duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Sindzo Abe görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Ýaponiýanyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri bitirdi. Ol türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşdy — diýip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow öz gynanç hatynda belleýär hem-de Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň türkmen halkynyň hakydasynda müdimilik galjakdygyny belläp, şu agyr pursatda merhumyň ejesi Ýoko Abe, onuň maşgalasy Akie Abe, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.