Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly wezipeler babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri we tabşyryklary berdi.
— Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleri taýýarlamak gerek — diýip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow mejlisde belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.