Gurban Berdiýew «Traktor» bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi

22:4007.07.2022
0
5993

Eýran klubunyň resmi web saýtynda bellenilşi ýaly, «Traktoryň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparyň ilkinji türgenleşigini geçirdi.

Oýunçylar türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylygynda Eýranyň futbol çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görüp başladylar. Eýran Pro ligasynyň (2022/2023) oýunlary 11-nji awgustda başlaýar.

Berdiýew türgenleşikden öň toparyň öňünde çykyş etdi.

Gurban Berdiýewiň 19-njy iýunda Eýranyň «Traktor» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini ýatladýarys.

Türkmen hünärmeni ozal «Kaýrata» tälim beripdi. Gurban Berdiýew bilen bilelikde «Kaýrat» Gazagystan çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi we Gazagystan kubogynyň eýesi boldy.

Gurban Berdiýew tälimçilik karýerasynda «Rostow» we «Rubin» ýaly toparlar bilen Russiýada şowly çykyş etdi. Tälimçi Kazan kluby bilen bilelikde iki gezek Russiýanyň çempiony boldy, şeýle hem, ýurduň kubogyny we iki gezek Super kubogyny gazandy.

«Rostowda» bolsa Gurban Berdiýew RPL-iň kümüş medalyna eýe bolmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň