Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogyna ýeňiş bilen başlady

12:2507.07.2022
0
7005

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Singapurda geçirilýän Aziýanyň kubogy ― 2022-ä üstünlikli girişdiler. Ýygyndy şu gün Palestina bilen geçiren duşuşygynda 18:7 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýle hem şu gün saýlama tapgyryň «E» toparçasynda Hindistanyň ýygyndysy Palestinany 21:15 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, toparçada geçirilen iki duşuşykdan soň häzir Palestinanyň ýygyndysynda 22, hindi basketbolçylarynda 21, biziň ildeşlerimizde bolsa 18 utuk bar.

Toparçadan haýsy ýygyndynyň ýaryşyň esasy tapgyryna goşuljakdygyny şu gün geçiriljek Hindistan ― Türkmenistan duşuşygy kesgitlär. Eger Türkmen basketbolçylary saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip bilseler, indiki tapgyrda «A» toparçanyň wekili bolarlar. Bu toparçada häzir Aziýanyň reýtinginde birinji orny eýeleýän Mongoliýanyň ýygyndysy garaşýar. Toparçanyň üçünji wekili bolsa saýlama tapgyryň F toparçasynyň ýeňijisi bolar. Bu toparçada häzre çenli bir duşuşyk geçirildi. Onda Eýran Kuweýti 22:13 hasabynda ýeňdi.

Düýn Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ýaryşyň saýlama duşuşyklaryny üstünlikli geçirip, esasy tapgyra çykmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň