Türkmenistanyň zenanlar basketbol ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň deslapky tapgyrynda «D» toparçada ýaryşar

23:5706.07.2022
0
4849
Türkmenistanyň zenanlar basketbol ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň deslapky tapgyrynda «D» toparçada ýaryşar

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, yklymyň iň güýçli 12 ýygyndysynyň arasyna girmegi başardy.

Şeýlelikde, ýaryşyň indiki tapgyrynda türkmenistanly basketbolçy zenanlar «D» toparça goşuldy. Bu toparçada biziň ildeşlerimizden başga-da, Taýwanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bar.

8-nji iýul güni ýaryşy dowam etdirjek ildeşlerimiz şol gün ilkinji duşuşygyny Taýwanyň, ikinji duşuşygyny bolsa Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen geçirer. Ýeri gelende aýtsak, basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň reýtinginde Taýwanyň ýygyndysy 5-nji, biziň ildeşlerimiz 12-nji, Şri-Lanka bolsa 14-nji orny eýeleýär. «D» toparçada ilkinji iki orny eýeläp bilen ýygyndy 10-njy iýul güni geçiriljek çärýek final duşuşyklaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň