Türkmenistanyň basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi

23:5006.07.2022
0
14698

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň «E» toparçasynda ýaryşdy. Saýlama duşuşyklarynyň üçüsini hem şu gün geçiren milli ýygyndymyz ajaýyp netije bilen toparçada birinji orny eýeläp, ýaryşyň iň güýçli 12 ýygyndysynyň arasyna girmäge hukuk gazandy.

Günüň ilkinji duşuşygynda Guamyň ýygyndysyny 21:14, gazak basketbolçularyny 21:10, Papua-Täze Gwineýany 21:11 hasabynda ýeňen ildeşlerimiz ajaýyp netije bilen ýaryşyň 8-nji iýulda dowam etjek deslapky tapgyryna çykdy.

Biziň toparçamyzdaky beýleki duşuşyklarda Gazagystan Papua-Täze Gwineýany 17:5, Guam Papua-Täze Gwineýany 20:9, Gazagystan Guamy 21:4 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, üç duşuşygynyň her birinde 21 utuk toplap, jemi 63 utuklyk sepgide ýeten ildeşlerimiz toparçada birinji orny eýeledi. Ikinji orundaky Gazagystanyň ýygyndysy 48, guamly basketbolçylar 38, Papua-Täze Gwineýanyň ýygyndysy bolsa 25 utuk bilen ýaryşy jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň