Türkmenistanyň basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

16:3806.07.2022
0
8636

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy.

Günüň dowamynda Guamyň we Gazagystanyň ýygyndylaryndan üstün çykan ildeşlerimiz üçünji duşuşygynda Papua-Täze Gwineýanyň ýygyndysyny 21:11 hasabynda ýeňdi. Türkmen basketbolçylarynyň «E» toparçada ýaryşandygyny ýatladýarys.

Şeýlelikde, türkmenistanly basketbolçylar üç duşuşykda 63 utuk toplap, ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny güýçlendirdiler.

Singapurda geçirilýän yklym ýaryşynda milli ýygyndymyza Dilfuza Azizowa, Aýna Gökowa, Leýla Halylowa we Zybagözel Hydyrowa dagylar wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň