Daşary döwletde alnan bilim hakynda resminama bildirilýän talaplar

15:5006.07.2022
1
125083

2019-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen «Daşary döwletlerde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalaryň Türkmenistanda tassyklanyş tertibine» laýyklykda, jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlarda ýörite bilim almaga höwes bildirýän ýaşlar halkara derejesine laýyk gelýän şu bilim ojaklaryny saýlap bilerler.

Bu barada «Türkmenportala» Türkmenistanyň Bilim ministrliginde giňişleýin gürrüň berildi.

Jemgyýetçilik we ynsanperwer ugurlara degişli hünärleriň sanawyny şu ýerde ýükläp alyp bolar.

Halkara talaplaryna laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny hem şu ýerden ýükläp bilersiňiz.

Bellik: Tertipnamanyň talaplary 2019-njy ýylyň 16-njy martyna çenli okuwa giren we ýokary okuw jaýyny tamamlandygy hakynda diplomy tassyklatmak zerurlygy bolmadyk talyplara degişli däldir.

Şeýle hem bu Tertipnamanyň talaplary jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlardan başga ugurlarydyr hünärleri öz içine almaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Sharipov ( 21.07.2022 )

Takyk we medisina ugurlarda reýtingde ady ýok okuw jaýlarda hem okasa bolýar ekeni

1