Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sebitleýin maslahat-duşuşygy geçirildi

23:2904.07.2022
0
9660

Şu gün Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejede sebitleýin maslahat-duşuşyk geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen forumyň işine abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, halkara bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleri birleşdirmek maslahat-duşuşygyň esasy maksady boldy. Forumda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli syýasatyna ýokary baha berildi.

Forumyň çäklerinde «Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin milli ileri tutulýan ugurlara düşünmek», «Merkezi Aziýada bitewi saglyk ugrunda hyzmatdaşlyk: adamyň, haýwanat dünýäsiniň we daşky gurşawyň özara gatnaşygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek» atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Olaryň dowamynda ýöriteleşdirilen edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garaldy. Adamlaryň, öý we ýabany haýwanlaryň saglygy bilen daşky gurşawyň, şol sanda giň ekoulgamlaryň ýagdaýynyň arasyndaky berk arabaglanyşyk meselesine aýratyn üns berildi.

Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda Jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar berkidildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň