Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gowaça ideg edilişine nägilelik bildirdi

22:4404.07.2022
0
7241

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlaryň häkimleri hem-de wise-premýer A.Ýazmyradow welaýatlarda we ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabatlary berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurtda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, gallaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilişi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam etdirilişi, Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ýurtda suw üpjünçiligi boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hem aýtdy. Welaýatlaryň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek babatdaky işleriň guralyşy barada hem hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerlerde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna, gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek babatda ýerine ýetirilýän işlere nägilelik bildirdi hem-de işleriň depginini ýokarlandyrmagy berk talap etdi. Döwlet Baştutany ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak, Ýer kadastryny taýýarlamak, tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini saýlamak, täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwdan rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri ýakyn wagtda taýýarlamak bilen baglylykda, häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany öňde goýlan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň