Hindistan öz çäginde ýabany tebigaty we derýalary zyňyndylardan goramak maksady bilen, bir gezek ulanylýan plastmassa önümleriň köpüsine gadaganlyk girizdi. Ýurtda her ýylda plastik zibiliň 4 million tonnasy döreýär, onuň üçden bir bölegi gaýtadan işlenilmeýär we daşky gurşawa düşýär. Bu barada «France 24» habar berdi diýip, «MIR24» ýazýar. Täze gadaganlyk plastmass sypaljyklara, plastik bulgurlara we çilim gaplaryna degişlidir. 1-nji iýuldan başlap, ýurduň ýaşaýjylaryna olaryň önümçiligi, importy ýa-da satuwy üçin 100 müň rupiýa (1265 ABŞ dollary) möçberde jerime salnar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.
Soňky habarlar
Arhiw
Hindistan bir gezek ulanylýan plastige gadaganlyk girizdi
21:1004.07.2022
0
3875
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň