Soňky habarlar

Arhiw

Geçen ýylda Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky söwda dolanyşygy 20,8 million dollara barabar boldy

14:3704.07.2022
0
5715

2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky söwda dolanyşygy 20,8 million dollara barabar boldy. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý türkmen metbugatyna beren interwýusynda aýtdy.

Diplomat Belarusyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, Belarusyň Türkmenistana eksportynyň 13,7 million, importunyň 7,1 million dollara ýetendigini habar berdi.

Türkmenistan Belarusa dokma, pagta ýüplüklerini we oba hojalyk önümlerini eksport edýär.

2022-nji ýylyň bary-ýogy dört aýynyň dowamynda Türkmenistan Belarusa umumy bahasy 1 million dollardan gowrak bolan pomidory iberdi.

Belarusyň azyk we gaplanan önümleri türkemn bazaryna köpçülikleýin ugradylýar.

Türkmenistan bilen Belarus 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda özara diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny baýram eder. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu iki döwletiň arasynda şertnamalaryň 100-den gowragy baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň