Soňky habarlar

Arhiw

Wýaçeslaw Beskostyý Minsk bilen Aşgabadyň arasynda howa gatnawynyň tiz wagtda dikelmegine bil baglaýar

23:1603.07.2022
0
20880

Belarusuň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky howa gatnawlarynyň tiz wagtda dikeldilmegine bil balaýar. Bu barada ol «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda habar berdi.

Diplomatyň aýtmagyna görä, belarus awiasion häkimiýetleri we «Belawia» milli awiakompaniýasy bu ädime taýýar.

Ýatlatsak, Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary ählumumy pandemiýa zerarly 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy. «Belawia» Boeing 737 uçarlarynda hepdede bir gezek Minsk-Aşgabat-Minsk ugry boýunça yzygiderli gatnawy ýerine ýetirýärdi. Türkmenistanyň paýtagtyna gatnawlar sişenbe güni, yzyna bolsa, çarşenbe güni uçuş edilýärdi.

2021/2022 okuw ýylynda Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde 6,6 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýardy.

Türkmenistan raýatlaryny Watanyna getirmek üçin Minskiden yzygiderli ýörite uçuşlary guraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň