Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II ygtyýarlyklarynyň bir bölegini 73 ýaşly şazada Çarlz Uelskä geçirer. Daily Mail-yň habar bermegine görä, monarhyň Bukingem köşki tarapyndan neşir edilýän borçnamalarynyň sanawy 10 ýylda ilkinji gezek üýtgedildi.
Şa zenany öň hem döwlet Baştutany we milletiň baştutany hökmünde kesgitlenipdi. Döwlet Baştutany hökmünde monarhyň borçnamalarynyň sanawyna öň 13 görkeziji girýärdi: parlamentiň täze sessiýalarynyň açylyşy, premýer-ministri bellemek, döwlet saparlaryny amala aşyrmak we beýlekiler.
Täze üýtgetmelerde şa zenanynyň borçnamalaryna «birnäçe diplomatik we parlament borçnamalaryny» ýerine ýetirmek, şeýle hem «Patyşalygyň daşary ýurtly myhmanlaryny kabul etmek» girýär. Milletiň baştutany hökmünde Ýelizaweta boorçnamalaryny «zerurlyk» boýunça ýerine ýetirer.
Şu ýyl şazada Çarlz 96 ýaşly Ýelizaweta II-ä derek parlamentiň açylyşyna gatnaşdy. Garaşylyşy ýaly, hut şazada Uelski monarhyň ygtyýarlyklarynyň bir bölegini alar.