Kazan — Türkmenabat howa gatnaw ugrunyň sanawyna girýän ýolagçylaryň ählisi Kazan şäherinde polimeraz zynjyr reaksiýasy (PZR) usuly bilen COVID-19 ýokanjynyň barlagyny tabşyrarlar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
PZR-test barlagyny şu salgyda ýerleşýän Respublikan kliniki hassahanasynda tabşyrmalydyr:
Tatarystan, Kazan şäheri, Orenburg trakty 138, Saglyk öýi («W» binasy) 119-njy otag.
Bu ýerde ýolagçylar her hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri sagat 07:00-dan 13:00-a çenli aralykda kabul edilýär. Ýekşenbe güni amala aşyrylýan howa gatnawy üçin hassahana şenbe güni ýolagçylary sagat 15:00-a çenli kabul edýär. Ýekşenbe güni bolsa hassahana işlemeýär. Şoňa görä-de, barlagyň netijesini çarşenbe güni howa gatnawy bilen uçýan ýolagçy sişenbe güni we çarşenbe güni, ýekşenbe güni uçýan ýolagçy bolsa diňe şenbe güni almalydyr.
PZR-test barlagynyň bahasy — 1300 rubl.
PZR-test barlaglary başga lukmançylyk edarasynda geçilen ýagdaýynda kabul edilmeýär. Şol sebäpden hem awiakompaniýa ýolagçylara COVID-19 ýokanjynyň degişli barlagyny diňe görkezilen hassahanada tabşyrmagy duýdurýar.