Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaý atyjylar «Aziýanyň çagalary» sport oýunlaryna taýýarlanýarlar

12:2902.07.2022
0
2951
Türkmenistanly ýaý atyjylar «Aziýanyň çagalary» sport oýunlaryna taýýarlanýarlar

Türkmenistanly ýaş ýaý atyjylar şu günler 27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Wladiwostok şäherinde geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryna taýýarlanýarlar.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň sport abraýyny Orazjemal Meredowa bilen Ezizmuhammet Sähedow gorar.

«Taýýarlyk işleri gyzgalaňly barýar. «Aziýanyň çagalary» türgenlerimiz we tälimçilerimiz üçin möhüm başlangyç. Çagalar bu ýaryşlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar», – diýip, milli federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Sähedow gürrüň berýär.

Milli ýaý atyjylyk federasiýasy Türkmenistanyň iň ýaş sport guramalarynyň biridir. Şu günler türgenler bu ýaryşa zalda we açyk howa şertlerinde her gün 4-5 sagatlap taýýarlyk görýärler.

«Çagalar islendik howa şertlerinde ýaýdan ok atmagy başarmaly. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň goldawy bilen tomusky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdik. Bize Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 60 metr aralykda ok atmaga mümkinçilik berýän döwrebap meýdançasy berildi. Ozal diňe 18 metrlik aralykdan nyşana ok atan türgenlerimize indi 60 metrlik synag garaşýar. Şonuň üçin bize gyssagly we ýokary derejeli türgenleşik zerur» diýip, federasiýanyň ýolbaşçysy gürrüň berýär.

«Aziýanyň çagalary» sport oýunlary 1996-njy ýyldan bäri her dört ýylda bir gezek Halkara Olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýär. Şu ýyl oňa 10 döwletiň ― Ermenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Siriýanyň, Taýlandyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çagalary gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň