Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

23:4801.07.2022
0
3677

Şu gün Aşgabatda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisde gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm bolan pudaklar özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak we ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine-de deglip geçildi. Toparyň agzalary özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we onuň ugurlaryny kesgitlediler. Iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda hem-de Türkiýede guralýan halkara maslahatlara we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Şu gün Aşgabatda geçirilen türkmen-türk işewürlik forumynda hem hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň