Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda iýul aýyndaky jemgyýetçilik kabul edişliginiň haçan geçiriljekdigi mälim edildi

14:1430.06.2022
0
4755

2022-njy ýylyň 6-njy we 20-nji iýulynda Lebap welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär.

Bu barada "Türkmen gündogary" gazeti habar berdi.

Kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň binasynda sagat 17.00-da başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 422 3-30-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň