Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň sessiýalaryna gatnaşdy

12:1528.06.2022
0
6171

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihananyň wekili Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň nobatdaky 139/140-njy sessiýalaryna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Sessiýalar Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş binasynda geçirildi.

Duşuşyklara Guramanyň agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar.

Bu ýerde geçirilen duşuşyklarda gümrük dolandyrylyşynyň, gümrük kanunçylygynyň, ülňüleriň we tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi hem-de ulanylmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşiň ahyrky gününde bolsa Guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesine we öňdäki bir ýyl üçin Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy wezipesine saýlawlar geçirildi diýip, çeşme habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň