Soňky habarlar

Arhiw

Büzmeýinde 4 gatly 15 sany täze ýaşaýyş jaýy açyldy

15:2627.06.2022
0
4665
Büzmeýinde 4 gatly 15 sany täze ýaşaýyş jaýy açyldy
surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 15-si açylyp ulanylmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýlary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden dabaralandyrylýan gününde bagtyýar maşgalalara ajaýyp toý sowgady boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, etrabyň Senagat köçesiniň ugrunda gurlan bu jaýlar 2-3 otagly öýlerden ybaratdyr. Ýokary hil derejesinde bina edilen jaýlarda ekologiýa taýdan arassa, degişli talaplara laýyk gelýän gurluşyk serişdeleri we enjamlar ulanylypdyr. Olaryň ýanaşyk ýerlerinde ýaş nahallar oturdylyp, ýörite enjamlaşdyrylan meýdançalar, awtoulaglar üçin ýerler göz öňüne tutulypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň