«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana uçuşlarynyň ýygylygyny artdyrar

21:2724.06.2022
0
29181

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana (Russiýa) uçuşlarynyň sanyny hepdede iki gezege çenli artdyrar. Möwsümleýin tertip «Kazan» Halkara howa menziliniň resmi saýtynda neşir edildi.

Tertibe laýyklykda, uçuşlar her hepdäniň çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

Çarşenbede Aşgabatdan T5 737 belgili gatnaw 14:55-de uçar, Kazanda 16:30-da (moskwa wagty) gonar. Yzyna Türkmenistana uçarlar Türkmenabat şäherine dolanar. Çarşenbe günleri Kazandan uçuşlar 18:30-da uçup, Türkmenabada 23:30-da (aşgabat wagty) gonar.

Ýekşenbe günleri Aşgabatdan T5 735 belgili gatnaw 20:30-da uçup, Kazana 22:05-de (moskwa wagty) gonar. Kazandan 23:35 uçup, Türkmenabatda duşenbe güni 04:45-de (aşgabat wagty) gonar.

Bir tarapyň awiapeteginiň bahasy —8020 manat. Goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar şu telefon belgisi arkaly sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilerler: +99312391717 we 085.

Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça Russiýa yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi.

5-nji iýuldan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa uçuşlary dikelder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň