Soňky habarlar

Arhiw

Iýunyň soňky günlerinde Türkmenistanda 48 gradusa çenli yssy howa garaşýar

13:0524.06.2022
0
33519

Iýun aýynyň soňky günlerinde Türkmenistanda 45 gradus, kä ýerlerde bolsa 48 gradusa çenli yssy howa garaşýar. meteojurnal.ru neşiriniň habar bermegine görä, bu hili howa şertleri bir hepdä golaý saklanyp, howply derejä degişlidir.

Jöwzaly howa goňşy döwletlere hem ýaýrar: Eýranda kä ýerlerde +50, Owganystanda we Pakistanda +49, Özbegistanda +47, Yragyň günortasynda bolsa +50 gradus bolar.

Çeşmäniň bellemegine görä, soňky ýyllarda Aşgabatda her ýylky temperatura +45 gradusdan geçýär diýen ýaly, bu hadysa öňki onýyllyklarda seýrek duş gelinýärdi.

2015, 2018, 2019 we 2021-nji ýylyň tomus möwsümleri Türkmenistanda iň yssy möwsümler boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň