Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýörite howa gatnawy bilen Belarusdaky raýatlaryny getirer

12:0023.06.2022
0
12310

23-nji iýunda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarusdaky türkmen raýatlarynyň ýurduna dolanmagy üçin nobatdaky ýörite howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär diýip, Atavatan Türkmenistan internet neşiri habar berýär.

Minsk şäheriniň döwlet howa menziliniň resmi saýtynda berilýän maglumatlara laýyklykda, T5784 howa gatnawy Minskden Türkmenabada Boeing 737-800 uçary bilen amala aşyrylar. Howa gatnawy ýerli wagt bilen 16:00-a meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlaryny howa gatnawlary bilen alyp gelmegini yzygiderli dowam edýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň