Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň nyrhlarynyň monitoringi geçiriler

08:5221.06.2022
0
15990
Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň nyrhlarynyň monitoringi geçiriler

Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň nyrhlarynyň monitoringi geçiriler. Muňa Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlar portalynda neşir edilen Gurluşyk serişdeleriniň nyrhlaryna monitoringi geçirmegiň tertibi şaýatlyk edýär.

Resminama Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk materiallaryny, önümlerini, gurnawlaryny, enjamlaryny, maşynlaryny we mehanizmlerini öndürijileriň, ýurduň daşyndan we içinden üpjün edijileriň gündelik ortaça goýberiş nyrhlary baradaky maglumatlary ýygnamagyň, işlemegiň, bermegiň we saklamagyň tertibini, şeýle hem gurluşygyň çenlik bahasyny kesgitlemek maksatlary üçin çenlik nyrhlary emele getirmegiň ýörelgelerini kesgitleýär.

Gurluşyk serişdeleriniň nyrhlarynyň monitoringi gurluşyk serişdeleriniň nyrhlaryna gözegçilik etmek, olary ýygnamak, çenlik nyrhlaryň üýtgeýiş we emele geliş meýillerini seljermek arkaly amala aşyrylýar.

Gurluşyk serişdeleriniň nyrhlarynyň monitoringi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar, Gurluşyk serişdeleriniň çenlik nyrhlary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň buýrugy bilen tassyklanylýar.

Monitoringi guramagyň we geçirmegiň hem-de nyrhlary hasaplamagyň şu tapgyrlary öz içine alýar:

  • gurluşyk serişdeleriniň sanawyny düzmek, olaryň nyrhlaryny ýygnamak we bellige almak;
  • gurluşyk serişdeleriniň çenlik nyrhlaryny kesgitlemek;
  • gurluşyk serişdeleriniň nyrhlary barada maglumatlary taýýarlamak.

Monitoringiň netijeleri boýunça ýylda iki gezek «Gurluşyk serişdeleriniň çenlik nyrhlarynyň ýygyndysy» neşir ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň