Soňky habarlar

Arhiw

Stambulyň howa menzili «Skytrax-iň» 5 ýyldyz baýragyna eýe boldy

11:3920.06.2022
0
5538
Stambulyň howa menzili «Skytrax-iň» 5 ýyldyz baýragyna eýe boldy
Surat: avianews.com

Stambulyň giň göwrümli halkara howa menzili «Skytrax» halkara reýting guramasynyň bilermenleri tarapyndan abraýly 5 ýyldyz baýragyna mynasyp boldy.

Bu netijeden soň, Stambul halkara howa menzili «Dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň» sanawynda 8-nji orna geçdi. Mundan başga-da, ol maşgala bolup dynç alşa gitmek üçin iň oňaýly howa menzili hökmünde ykrar edilip, «Dünýäde iň gowy söwda tejribesi bolan howa menzili» hem-de «Günbatar Ýewropada iň gowy howa menzili» diýen baýraklara mynasyp görüldi diýip, «Anadolu» habarlar agentligi belleýär.

Ozal hem Stambul howa menziliniň 2020-nji ýylda «Skytrax» guramasynyň 5 ýyldyz baýragyna mynasyp bolandygyny bellemeli.

Awiakompaniýalaryň we howa menzilleriniň reýtingini ýetirýän «Skytrax» reýting guramasy müşderiler bilen geçirilýän pikir soraşmalaryň netijesinde 210-dan gowrak awiakompaniýa we 65 sany howa menzili barada maglumatlary ýetirýär. Şeýle-de, kompaniýanyň saýtynda ýolagçylar islendik awiakompaniýa ýa-da howa menzili barada pikirlerini beýan edip bilýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň