Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň gurluşygy tamamlanyp barýar

12:1917.06.2022
0
28448

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ozalky «Güneş» seýilgähiniň ýerinden gurulýan, meýdany 30 müň inedördül metrden gowrak bolan «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähiniň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar.

Bu ýerde meýilleşdirilen işleriň esasy bölegi eýýäm ýerine ýetirildi. Häzirlikçe seýilgähde trotuarlaryň we alleýalaryň, awtoduralgalaryň hem-de gazonyň gurluşygy tamamlandy.

Seýilgäh doly diýen ýaly taýýar edildi. Onuň çäginde Daşkent Telediňiniň kiçi nusgasy döredildi, «Ezgulik» monumentiniň (Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdançasynyň arkasyna meňzeş arka seýilgähiň girelgesinde goýuldy) we beýleki binalaryň nusgalary bina edildi.

Täze dostluk seýilgähiniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem Daşkentde birnäçe ýyl mundan ozal açylan Ecopark meýdançasydyr. Bu ýerde edil Özbegistanyň paýtagt şäherindäki ýaly sport meýdançalary we ýodalar döredilýär. Çagalar üçin bolsa taýylýan ýerli, hiňňillikli, labirint görnüşindäki we ýüp basgançakly oýun meýdançalary göz öňüne tutulandyr.

Belläp geçsek, Aşgabatda «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähini gurmak bilen bagly çözgüt 2021-nji ýylyň fewralynda kabul edildi.

Türkmen paýtagtynda «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy 2021-nji ýylyň awgustynda başlandy. Seýilgäh Daşkent şäheriniň binalaryny alamatlandyrýan ýigrimiden gowrak obýekti özünde jemlär. Seýilgähiň gurluşyk işlerini bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Özbegistanyň paýtagt şäherinde eýýäm dört ýyldan bäri «Aşgabat» seýilgähiniň hereket edip, türkmen-özbek dostlugynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny alamatlandyryp gelýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň