Top.Mail.Ru

Türkmen ýokary okuw mekdebi halkara bäsleşigini yglan etdi

10:3717.06.2022
0
16442

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy» atly halkara bäsleşik yglan etdi.

Bu bäsleşige ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, magistrleri, ýaşy 30-dan uly bolmadyk ýaş mugallymlary, aspirantlary, ylmy işgärleri özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan, öň hiç ýerde çap edilmedik türkmen, rus, iňlis dillerindäki ylmy makalalary bilen gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler ylmy makalalaryny 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hgi.hgddek@online.tm elektron salga ugratmaly. Makalalar 5-10 sahypa aralygynda, Times new roman şriftinde, 1,5 interwalda, 14-lik şriftde bolmaly.

Ylmy makalalaryň bäsleşiginde 3 sany baýrakly orun kesgitlenip, ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bäsleşigiň ýeňijileri (I, II, III orunlar) 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda dabaraly sylaglanarlar. Ýeňijileriň ylmy makalalary “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynda çap etmeklik üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hödürleniler. Bäsleşige hödürlenen makalalar HGI-niň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) hem-de sanly bilim portalynda (iirmfa.nesil.edu.tm) ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) hem-de sanly bilim portalynda (iirmfa.nesil.edu.tm) ýerleşdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň