Top.Mail.Ru

Aşgabatda suratkeşler Ýarmämmedowlaryň döredijilik sergisi guraldy

16:1712.06.2022
0
6006
Aşgabatda suratkeşler Ýarmämmedowlaryň döredijilik sergisi guraldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow we ogullary Mämmet hem-de Seljuk Ýarmämmedowlaryň şekillendiriş we heýkel eserleriniň sergisi açyldy.

Russiýanyň imperatorlyk Sungat akademiýasynyň hormatly agzasy hasaplanylýan Gylyçmyrat Ýarmämmedow geçen ýyl 80 ýaşap, bu ýylda bolsa ony sergi bilen köpçülikleýin bellemäge mümkinçilik döredi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Sergide görnükli sungat işgäriniň dürli ýyllarda, şol sanda geçen asyryň 60-70-nji ýyllarda döreden eserleri tanyşdyryldy. Olaryň hatarynda meşhur heýkel eserleri, býustlar, nakgaşlyk eserlerinden bolsa türgenleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň suratlary bar.

Seljuk Ýarmämmedow hem edil kakasy ýaly, heýkeltaraşlyk bilen meşgullanýar. Sergide onuň döreden eserlerinden meşhur şahsyýetleriň portretleri, şeýle-de ajaýyp heýkelleri görkezildi.

Serginiň geçirilen güni Mämmet Ýarmämmedowyň 50 ýaş toýy bilen gabat geldi. Ol kakasy we doganyndan tapawutlylykda nakgaşlyk işi bilen meşgullanýar. Ol dekoratiw modern žanrynda eserleri döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň