Şu gün, 11-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogy — 2022-niň çärýek finalynda Awstraliýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy.
Oýun 1:0 hasabynda Awstraliýa ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 74-nji minutda Oraz Orazow öz derwezesine geçirdi.
Duşuşykda ýygyndymyzyň esasy üç oýunçysynyň çykyş edip bilmändiklerini ýatladýarys. Olar: goragçy Döwran Berdiýew, hüjümçi Meýlis Diniýew, şeýle hem, toparyň kapitany we ýarymgoragçysy Begmyrat Ballakow.
Oýunçylar Katara garşy geçirilen duşuşykda (2:2) sary kart aldylar we bu olaryň şu ýaryşdaky ikinji duýduryşy bolupdy.
Aziýa kubogynyň ýarym finaly 15-nji iýunda, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji iýunda, final oýny 19-njy iýunda bolar.