Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine Türkmenistanda dynç alyşlaryny geçirmäge rugsat berildi

11:3810.06.2022
0
47543

Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine dynç alyşlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berildi. Bu barada «Interfaks» Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň merkezine salgylanyp habar berýär.

Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň daşary ýurtlarda dynç alyşlaryny geçirmek baradaky pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirilmeler ýatyryldy. Bu baradaky degişli permana Russiýa Federasiýasynyň içeri işler ministri Wladimir Kolokotsew gol çekdi.

Hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Wýetnam, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Taýland, Kuba, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly daşary ýurtlaryň birnäçesinde dynç alyp biljekdigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň