Türkmenistanly Nazar Atdaýew «Непокорённые» («Boýun egmedikler») Halkara taslamasyna gatnaşar.
11-nji iýunda Nazar 14 ýurtdan 100 sany höwesjeňleriň hatarynda Moskwadan Breste çenli 11 sany harby şöhrat gazanan we gahryman-şäherler boýunça 13 günlük syýahata gatnaşar, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe bagyşlanan çärelere gatnaşar.
Nazar Baýramaly şäherinden. Geçen ýyl ol «Nebitgaz işi» hünäri boýunça Kazan Milli ylmy-barlag tehnologiýa uniwersitetini tamamlady. Nazar jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýar, NKA-daky türkmenleriň ýaşlar guramasynyň başlygy, Tatarystanyň halklarynyň Ýaşlar Assambleýasynyň taslamasynyň utgaşdyryjysy, GDA döwletleriniň ilkinji oýunlarynda Türkmenistandan ilçi, şeýle hem KMYBTU-nyň daşary ýurtly talyplarynyň arkalaşygynyň başlygy.
«Непокорённые» taslamasyny Prezident grantlarynyň rus gaznasynyň, Milletler işi boýunça federal agentliginiň, Russiýanyň DIM-niň we Bilim we ylym ministrliginiň ýardam bermeginde Halkara Lomonosow Kluby durmuşa geçirýär.
Taslamanyň esasy maksady — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryna taryhy ýadygärlikleri saklap galmakda we millertara gatnaşyklary kadalaşdyrmakda iň gowy rus tejribesini bermek, meýletinçiler we höwesjeňler bilen, ýerlerde höwesjeň ýaşlar hem-de döwlet bilen işlemegiň tejribesi bilen paýlaşmak.