Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy «Pahtakor ― 79» ýadygärligine gül desselerini goýdy

14:2709.06.2022
0
14045

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň wekilleri Aziýanyň kubogynyň çärýek finalynda Awstraliýanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykdan ozal Daşkent şäherindäki taryhy we medeni ýadygärliklere baryp gördüler.

Türkmen wekiliýeti doly düzümde 1979-njy ýylda awiaheläkçilige uçran «Pahtakor» futbol toparynyň hatyrasyna gurlan ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Şu ýyl bu heläkçilige 43 ýyl dolýar. Onda aradan çykan 178 ýolagçynyň 17-si «Pahtakoryň» futbolçylarydy.

Çärýek final duşuşygynyň 11-nji iýun güni Daşkent şäherindäki «Milli» stadionda geçiriljekdigini we onuň Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň