Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Türkmenistana guralýan ýörite uçuşlaryň sanyny artdyrýar

13:0309.06.2022
0
33236

Türkiýäniň «Turkish Airlines» awikompaniýasy Stambul ― Türkmenbaşy ― Stambul aralygyndaky ýörite uçar gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrdy.

Häzir bu aralykda her 15 günden bir gezek ýörite gatnawy amala aşyrýan awiakompaniýa indi bu ýygylygy hepdede bir gezege çenli artdyrar. Bu barada Atavatan Türkmenistan habar berdi.

Täze çözgüde görä, öňümizdäki uçuşlar 10-njy, 17-nji we 24-nji iýunda amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň