Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow türkmen ýüpekçilerine minnetdarlyk bildirdi

21:3508.06.2022
0
4395
Serdar Berdimuhamedow türkmen ýüpekçilerine minnetdarlyk bildirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe meseleler boýunça çözgütler kabul edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow döwlet Baştutanyna ýurduň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.

Bellenilşi ýaly, döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlaryň netijesinde, ýurduň zähmetsöýer ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.

Wise-premýer hormatly Prezidenti ýüpekçileriň bu zähmet ýeňşi bilen gutlap, oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň adyndan netijeli zähmet çekmek üçin döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, halkyny hem-de edermen ýüpekçileri Watanyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa, ilat üçin goşmaça täze iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň ählisinde dabaraly çäreleri geçirip, ýokary netijeleri gazanan ähli pileçilere we işgärlere sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramak barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň