Şu gün Malaýziýanyň futbol ýygyndysy bilen boljak duşuşyk arkaly türkmen futbolçylary Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna girişer.
Iki garşydaş ozal biri-biri bilen duşuşmadylar. Şu günki duşuşyk bolsa Kuala-Lumpur şäherindäki Milli «Bukit Jalil» stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanar.
Garşydaş ýygynda şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri 52 ýaşly koreýaly hünärmen Kim Pan-Gon tälim berýär. Milli ýygyndynyň wekilleriniň aglabasy Malaýziýanyň Superligasynda futbol oýnaýar. «Transfermarkta» görä, ýygyndydaky futbolçylaryň umumy gymmaty 5,25 million ýewro ýetýär. Ýygyndy FIFA-nyň reýtinginde 154-nji orny eýeleýär. Biziň ýygyndymyz bolsa 134-nji orundadyr.