Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna badalga berilýär

11:0508.06.2022
0
1045

Şu gün alty döwletde geçirilýän duşuşyklar bilen futbol boýunça 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna badalga berler.

Kuweýtde geçiriljek «A» toparçada şu gün Kuweýt ― Indoneziýa, Iordaniýa ― Nepal duşuşyklary geçiriler. Mongoliýada geçirilýän «B» toparçanyň duşuşyklarynda bolsa Filippinler Ýemen bilen, Palestina bolsa ýer eýeleri ― Mongoliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky yklym ýaryşyny hem kabul edýän Özbegistan ulularyň arasyndaky saýlama ýaryşyň «C» toparçasyndaky duşuşyklary-da kabul etdi. Şu gün ýerli ýygyndy Şri-Lanka, Tailand bolsa Maldiwler bilen duşuşar. «D» toparçanyň duşuşyklary Hindistanda geçiriler. Şu günki duşuşyklarda Gonkong bilen Owganystan, Hindistan bilen Kambojiýa güýç synanyşar.

Duşuşyklary Malaýziýada geçiriljek «E» toparça Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys. Şu gün türkmen ýygyndysy Malaýziýanyň, Bahreýn bolsa Bangladeşiň ýygyndysy bilen duşuşar.

«F» toparçanyň duşuşyklaryny Gyrgyzystan kabul edýär. Şu gün Bişkek şäherindäki Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda ilki Täjigistan ― Mýanma, soňra-da, Gyrgyzystan ― Singapur duşuşyklary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň