Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen raýatlaryna ýapyk binalarda we ulaglaryň ähli görnüşinde agyz-burun örtüklerini dakynmagyň zerurlygy ýatladyldy

12:3907.06.2022
0
31365

Şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Türkmenistanda açyk ýerlerde lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni ýatyryldy. Ýöne ýapyk binalarda we ulaglaryň ähli görnüşlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär.

Bu barada şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi habar berdi. «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi:

«Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, agyz-burun örtüklerini açyk howada aýryp, ýapyk binalarda we awtoulaglarda talabalaýyk dakynmagy, şeýle-de arassaçylyk kadalaryny yzygiderli berjaý edip, Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy ýatda saklaň».

Belläp geçsek, ýakynda geçirilen Hökümetiň mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzeliklerini düýpli öwrenýändigini, şolar bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýändikleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň