Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer E.Orazgeldiýew işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy

21:5304.06.2022
0
13891

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany wise-premýere ýüzlenip, onuň oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek bilen, öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmeýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly döwlet strategiýasy ýaramaz durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy ýaramaz, milli ykdysadyýetiň bu pudagynda möhüm özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl. Ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýär, toprak we howa şertlerini nazara alyp işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmaga hem ýeterlik üns berilmeýär. Ýurduň oba hojalyk pudagyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleri aýratyn ýaramaz çözülýär. Suw serişdelerini rejeli ulanmaga, oba hojalyk ekinleri ekilýän ýerleriň meleoratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge, şeýle-de zeýkeş akabalaryny arassalamaga az üns berilýär. Bu kemçilikleriň ählisi Daşoguz welaýatyndaky ýagdaýda anyk göründi. Şeýle-de bu welaýatda gowaça ekmek boýunça meýilnama öz möhletinde ýerine ýetirilmedi. Şolar bilen baglylykda, işde goýberen kemçilikleri üçin, E.Orazgeldiýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň