Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy Minskde köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady

21:4603.06.2022
0
4007

Şu gün Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurduň paýtagty Minsk şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýörişi gurady.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe Belarus döwlet bedenterbiýe institutynyň (BDBU), Belarus döwlet Awiasiýa akademiýasynyň (BDAA) talyp ýaşlary, Belarusyň welosiped sporty boýunça milli ýygyndy toparynyň wekilleri, şeýle-de beýleki sport höwesjeňleri gatnaşdylar.

Bütindünýä welosiped güni — Ýer ýüzüniň ýurtlarynda her ýylda giňden bellenilip geçilýän özboluşly halkara baýramçylyk. Ol BMG-niň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki Rezolýusiýasy esasynda durmuşa geçirilip başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň