Aşgabatdaky «Dinamika» fitnes-kluby türgenleşik zalyna gitmegi ertelemegi bes edip, oňa ýazylyşygy eýýäm şu günden resmileşdirmäge çagyrýar.
«Dinamika» — bu döwrebap trenažýorlar, ýokary hünär taýýarlykly tälimçiler we halkara derejeli türgenleşdirijiler, at gazanan sport ussatlary, şeýle hem dürli görnüşli toparlaýyn we personal ugurlar diýmegi aňladýar.
«Dinamika-nyň» düzümine iki sany türgenleşik zaly girýär: birbada aýallaryň we erkekleriň bilelikde türgenleşik geçip bilýän umumy zaly, şeýle hem hut aýallaryň fitnesi üçin niýetlenen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Dynamics for Ladies fitnes kluby bar.
Dynamics for Ladies fitnes-klubunyň müşderileriniň ygtyýaryna türgenleşik zalynda trenažýorlarda türgenleşik geçmekden başga-da şular hödürlenilýär:
- Hathа-ýoga — nerw ulgamyndaky dartgynlylygy peseltmek, bogunlaryň hereketliligini saklap galmak, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrmak, agram salmazdan myşsalary berkitmek we başgalar;
- Krossfit – depginli sazyň astynda ýokary işjeň türgenleşikleriň ulgamy;
- Welotrenažýorlarda artykmaç agramdan dynmaga we myşsalary kadaly hala getirjek işjeň kardiotürgenleşikler;
- Sagaldyjy fitnes – esasy bogunlaryň we dokumalaryň işine we berkidilmegine gönükdirilen ýörite işlenip düzülen maşklaryň toplumy;
- Ulular üçin horeografiýa sapaklary – çeýeligi we hereketliligi ösdürmäge kömek eder.
Dynamics for Ladies sport merkezinde çagalar üçin häzirki zaman we klassyky tanslar boýunça, şeýle hem «Uşu» söweş sungaty boýunça meşgullanmak üçin ýörite gurnaklar hereket edýär.
«Dinamika» fitnes klubunyň artykmaçlyklarynyň biri hem, bu ýerde her bir müşderi taýýarlyk derejesine we ýaşyna garamazdan, özüne laýyk gelýän türgenleşigiň görnüşini tapyp bilmegidir.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 97 37 03; +99363 84 71 16; +99365 80 74 64.
• Salgy: Aşgabat, «Gurtly» ýaşaýyş toplumy, jaý 21 we öý 31 (zenanlar zaly)
• Sosial ulgam.