Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Muhammet pygamberiň metjidinde namaz okady

22:1702.06.2022
0
14587
Serdar Berdimuhamedow Muhammet pygamberiň metjidinde namaz okady
Surat: al-jazirahonline.com

«Turkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mukaddes Mekge şäherine baryp umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi.

Döwlet Baştutany saparynyň çäklerinde şu gün musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şäher bolan Medine şäherine bardy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Şazada Muhammet bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini Medine welaýatynyň häkimi Faýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezident bilen Medine welaýatynyň häkimi Faýsal bin Salman Al Saudyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ýola goýlan dostluga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni howa menzilinden Muhammet Pygamberiň metjidine tarap ugur aldy.

Metjidiň esasy girelgesiniň agzynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy metjidiň ymamy garşylady we metjidiň taryhy hem-de onuň bilen bagly rowaýatlary gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet Pygamberiň metjidiniň hormatyna namaz okadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň