Golliwudly aktýor Jonni Depp bilen onuň öňki aýaly Ember Herdiň arasyndaky kazyýet dawasynda gutarnykly karar kabul dildi. 14 sagatlap dowam eden geňeşmelerden soň, Wirjiniýa amerikan ştatynyň kazyýet oturdaşlary karar kabul etdiler. Kazyýet Ember Herde Jonni Deppe töhmet atmak boýunça dawasynda Deppiň peýdasyna 15 mln dollar tölemekligi borçly etdi.
Oturdaşlaryň pikirine görä, Herd öňki ýoldaşynyň adyna şek ýetirdi. Aprel aýyndan bäri dowam edip gelen kazyýet dawasynyň barşynda kazyýet oturdaşlary 100 sagatdan gowrak görkezmeleri diňlediler.
Kazyýet işi baryp 2019-njy ýylda başlanmalydy, emma koronawirus pandemiýasy zerarly yza süýşürildi.
Jonni Deppiň aklawjylary Herdiň Washington Post gazetine ýazan makalasyndan soň, töhmet atmakda aýyplap, aktrisa garşy 50 mln dollarlyk dawa aççylar. Aktýoryň tassyklamagyna görä, bu makala Deppiň Warner Bros bilen «Fantastiki nägehanlar» filminiň seriýalaryna düşmek şertnamasyna gol çekişmekden mahrum etdi. Şertnama boýunça Depp bäş sany kartinada surata düşmelidi diýip, rbc.ru habar berýär.