Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgen Tatarystanyň professional söweş ligasynyň çempiony boldy

12:4802.06.2022
0
7350

Türkmenistanly türgen Reşit Öwezow Kazanda taý boksy boýunça TATFIGHT professional ligasynda birinji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsullyk edarasynyň resmi web saýty habar berdi.

Tutluşyklar we baýrak gowşurylyş dabarasy «Ak bars» göreş toplumynda geçirildi. 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Öwezowyň finaldaky garşydaşy russiýaly pälwan Denis Laptew boldy. 20 ýaşly Reşit Öwezow häzirki wagtda Kazan federal uniwersitetiniň filologiýa we halkara medeni aragatnaşyklar institutynyň üçünji ýyl talyby.

Karýerasyna Türkmenistanda başlan talyp türgen 11 ýyllap kikboksing bilen meşgullandy. Ol sport ussatlygyna dalaşgärdir. Onuň sport ýoluny halkara we milli üstünlikleriň birnäçesi bezeýär.

Reşit Öwezow kikboksing boýunça Türkmenistanyň bäş gezek çempiony. Şeýle hem ol 2017-nji ýylda Özbegistanyň Samarkant şäheriniň birinjiliginde ýeňiji boldy. TATFIGHT-de geçen ýylda-da çempion bolan ildeşimiz garyşyk söweş boýunça El Mariý Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda hem hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň