Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň iň zehinli talyby kesgitlenildi

10:0831.05.2022
0
40488

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Nesil» gazeti habar berdi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kadyr Amanow bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan bäsleşigine özüniň ýokary görkezijileri boýunça tapawutlanan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşan talyp ýaşlar üç günüň dowamynda öz ylmy açyşlary, gazet-žurnallardaky makalalary, medeni-jemgyýetçilik işlerine, sport çärelerine gatnaşyşlary boýunça bahalandyrylyp, erkin görnüşde çykyşlary ýerine ýetirdiler, degişli okuw dersleri boýunça test barlaglaryna gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji gününde türkmen, iňlis dili dersleri boýunça test barlaglarynyň netijeleri öňki gazanylan ballaryň üstüne goşulyp, ýeňijiler mälim edildi. Netijede, talyp ýigit Kadyr Amanow 126,6 bal bilen «Ýylyň talyby» boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň